ABŞ-nyň Senaty Russiýanyň Ýazgarylmagy Hakynda Karar Kabul Etdi

ABŞ-nyň Senaty Russiýanyň Ukraina garşy harby agressiýany ýazgarýan karar taslamasyny kabul etdi.

1781165
ABŞ-nyň Senaty Russiýanyň Ýazgarylmagy Hakynda Karar Kabul Etdi

Taslama Prezident Jo Baýdeniň Russiýanyň birnäçe günüň dowamynda Ukraina hüjüm etjekdigi hakynda ähli görkezijä eýediklerini beýan etmeginden Senatyň garamagyna hödürlendi.

Russiýanyň harby agressiýasyny ýazgarýan taslama Senatda bir ağyzdan kabul edildi.

Kararyň Baýdeni Russiýa Ukrainany basyp alan halatynda resmi Moskwa garşy harby güýç ulanmaga çagyrmaýandygy, emma “sanksiýalaryň goýulmagyny” goldaýandygy nygtalýar.

Amerikanyň hökümetiniň Russiýa garşy “sanksiýalaryň goýulmagy” we “Ýewropada parahatçylygy ýaňadandan üpjün etmek” üçin bar bolan serişdeleriň ulanylmagyna höweslendirmegi ýola goýumaga höweslendirýar.

Senator Bob Portman Senatyň Ukrainanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny goldamak üçin birleşendigini nygtady.

Senatorlar Baýdeniň ýolbaşçylyk edýän hökümetiniň Kongresiň karary bolmasa hem Russiýa sanksiýa goýup biljekdigine ünsi çekdiler.



Degişli Habarlar