Ukraina Kiber Hüjüm Guraldy

Hüjümiň arkasynda Russiýanyň bardygy öňe sürüldi.

1779330
Ukraina Kiber Hüjüm Guraldy

 

Ukrainanyň Goranmak ministrligi bilen Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň internet saýtlaryna, Priwatbankyň we Oşadbankyň internet bankçylyk ulgamlaryna kiber hüjüm guraldy.

Ukrainanyň Kommunikasiýa merkezinden berlen beýannamada, hüjümiň arkasynda Russiýanyň bardygy öňe sürüldi.

Ukrainada 14-nji ýanwarda hem Daşary işler ministrligi bilen birlikde käbir ministrlikleriň internet saýtlaryna kiber hüjüm guralypdy.



Degişli Habarlar