“Ukraina Guralan Kiber Hüjüm Bilen Hiç Hili Arabaglanşygymyz Ýok”

"Ukraina guralan kiber hüjüm bilen Russiýanyň hiç hili arabaglanşygy ýok"

1779800
“Ukraina Guralan Kiber Hüjüm Bilen Hiç Hili Arabaglanşygymyz Ýok”

Kreml, Ukraina guralan kiber hüjüm bilen hiç hili arabaglanşygynyň ýokdygyny mälim etdi.

Ukrainanyň Goranmak ministrligi bilen Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň internet saýtlary, Priwatbankyň we Oşadbankyň internet bankçylyk ulgamlary kiber hüjüme sezewar bolupdy.

Ukrainanyň Kommunikasiýa merkezinden berlen beýannamada, hüjümiň arkasynda Russiýanyň bardygy öňe sürlüpdi.

Kreml tarapyndan berlen beýannamada, Ukraina guralan kiber hüjüm bilen Russiýanyň hiç hili arabaglanşygynyň ýokdygy nygtaldy.

Ukrainada 14-nji ýanwarda hem Daşary işler ministrligi bilen birlikde käbir ministrlikleriň internet saýtlaryna kiber hüjüm guralypdy.

 



Degişli Habarlar