Basrada partlama boldy
Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok
1744163
Yragyň Basra şäherinde bomba ýüklenen motosikl bilen guralan hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 4 adam ýogaldy.
Basra welaýatynyň gubernatory Esad Idani, Yragyň resmi INA habarlar agentligine beren beýanatynda: "Partlamada 4 adam ýogaldy, 4 adam bolsa ýaralandy" diýip habar berdi.
Yragyň hökümetine degişli Howpsuzlyk Tory tarapyndan berilen beýanatda bolsa wakanyň bomba ýüklenen motosikliň partladylmagy netijesinde bolandygyny mälim etdi.
Partlamanyň bolan ýerinde howpsuzlyk güýçleri tarapyndan derňew işleri dowam etdirilýär.
Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok.
Degişli Habarlar
Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär
2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda başlan Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär