ÝB: "Türkiýe bilen proporsional we hemişelik gatnaşyklary ýola goýmaga dowam ederis"

ÝB Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel, Türkiýe bilen syýasaty ýüz-ýüze, proporsional we hemişelik ýagdaýda gatnaşyklary ýola goýmaga dowam etjekdiklerini habar berdi

1671495
ÝB: "Türkiýe bilen proporsional we hemişelik gatnaşyklary ýola goýmaga dowam ederis"

ÝB Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel, 24-25-nji iýunda Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde geçirilen ÝB Liderler maslahatynyň netijesi bilen baglanşykly, Ýewropa parlamentinde geçirilen maslahatda deputatlara ýüzlenip çykyş etdi. 

Gündogar Ortaýer deňizinde dartgynlygyň peselmeginiň gowy yşaratdygyny aýdan Şarl Mişel, Ýewropa Bileleşiginiň Türkiýe bilen syýasaty ýüz-ýüze, proporsional we hemişelik ýagdaýda gatnaşyklary ýola goýmaga dowam etjekdigini mälim etdi. 

Gümrük Bileleşiginiň täzelenmegi bilen bagly işleriň başladylandygyny ýatladan Şarl Mişel, ÝB Komissiýasynyň Türkiýäniň ýer eýeçilik edýän siriýalylar üçin goşmaça gaznanyň üpjün edilmegi üçin üstünde ylalaşyk gazanandygyny beýan etdi. 



Degişli Habarlar