Awstriýada Terrorizme Garşy Göreş Hakyndaky Jedelli Kanun Kabul edildi

Kanunyň ýurtdaky yslam duşmançylygyny güýçlendirmegine sebäp bolmagyna alada bildirilýär

1671924
Awstriýada Terrorizme Garşy Göreş Hakyndaky Jedelli Kanun Kabul edildi

Kanun bilen metjitlerdäki wagyzlar derňeler, radikal garaýyşa eýedigi çaklanylýan metjitler we dini guramalar gysga möhletde ýapylar.

Musulmanlara degişli guramalara daşary ýurtlardan maliýe kömeginiň berilmeginiň öňüni almak üçin has netijeli derňew işleri geçiriler.

Metjitlerde işleýän esasanda daşary ýurtly ymamlar derňeler. Ymamlar hakynda döwletiň degişli guramalaryna maglumat beriler.

Ýurtda terrorçylykly jenaýatlar sebäpli azatlykdan mahrum edilenlere, azatlykga çykandan soň hem gözegçilik ediler.

Şol adamlar elektron çip dakylyp, belli möhletlerde yzarlanar.

Täze kanunyň ýurtdaky yslam duşmançylygyny güýçlendirip, musulmanlara garşy hüjümleri artyrmagyna alada bildirilýär.



Degişli Habarlar