Demirgazyk Koreýa Ýadro we Ballistiki Raketa Maksatnamasyny Dowam Etdirýär

Bu barasynda BMG-niň bilermenleriniň habarnamasynda beýan edilýär

1579880
Demirgazyk Koreýa Ýadro we Ballistiki Raketa Maksatnamasyny Dowam Etdirýär

BMG, Demirgazyk Koreýanyň sanksiýalara garamazdan 2020-njy ýylda ýadro we ballistiki roketa meýilnamasyny kämilleşdirmäge dowam edendigini habar berdi.

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň Demirgazyk Koreýa Sanksiýa komitetiniň hünärmenleriniň taýarlan habarnamasyna görä, Demirgazyk Koreýa, harby çärelerde täze gysga aralykly, orta aralykly, deňiziň aşagyndan atylýan we materikara ballistiki roketa ulgamlaryny tanyşdyrdy.

Habarnamada, Demirgazyk Koreýanyň täze balliskiti roketa ujuny synagdan geçirendigi we taktiki ýadro ýaragynyň öndürilmegi üçin taýarlyk görýändigi bellenildi.

Habarnamada Demirgazyk Koreýanyň ýadro desgalaryny abatlaýandygy we ballistiki roketa infstrukturasyny kämilleşdirendigi nygtaldy.

Ýadro we ballistiki raketa maksatnamalary üçin Demirgazyk Koreýanyn deňizaşa ýurtlardan enjam hem-de tehnologiý gözleginiň dowam edýändigine üns çekilýän habarnamada, hünärmenler toparynyň resmi Phenýanyň gämiden-gämä tranfer usuly bilen bikanun nebit importuny hem derňeýändigi we ýylda 500 müň barrel nebit çäklendirmesinden birnäçe esse ýokarda nebit alynandygy nygtalýar.

BMG-niň Howpsyzlyk Geňdeşi 2017-nji ýylda ýadro maksatnamasyny dowam etdirýän Demirgazyk Koreýanyň işlenen nebit we nebit önümlerini importuny ýylda 500 müň barrel bilen çäklendiripdi.

 

 

 



Degişli Habarlar