Donald Trampyň Youtube hasaby doňduryldy

Donald Trampyň YouTube hasabynda 2,77 million abunaçysy bardy

1562794
Donald Trampyň Youtube hasaby doňduryldy

ABŞ-nyň Kongresinde başdan geçirilen hadysalar sebäpli Facebook we Twitterden soň indi bolsa Google hem ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Youtube hasabyny doňdurdy. 

Donald Trampyň YouTube hasabynda 2,77 million abunaçysy bardy.

Kärhananyň eden ädimi bilen Donald Tramp, azyndan 7 günüň dowamynda wideo ýükläp bilmez. 

Sosial media saýtlary bolan Twitter we Facebook hem Donald Trampyň hasabyny doňdurypdy. 

 



Degişli Habarlar