Taýlantdaky sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Taýlandyň günortasynda täsirli bolan sil apatynda ýogalanlaryň sany 24 adama ýetdi

1541144
Taýlantdaky sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Bangkok Post tarapyndan berilen habara görä, Apata garşy göreş bölümi, sil apatynda ýene-de 3 adamyň ýogalmagy bilen, jemi ýogallanlaryň sanynyň 24 adama ýetendigini mälim etdi. 

Soňky adam ýitgileriniň Phrasaeng sebitiniň Surat Thani şäheri bilen Sathing Phra sebitiniň Songkhla şäherinde bolandygy habar berildi. 

Ýurtdaky sil apatlarynyň jemi 555 müň adama ýaramaz täsir ýetirendigi, Nakhon Si Tharmmarat sebitiniň bolsa iň köp zyýan çeken ýer bolandygy aýan edildi. 

Howa maglumatlaryna görä, bu hepde sebitiň 60 göteriminde ýagyşlar ýagmaga dowam eder. 


Etiketkalar: #sil apaty , #Taýland

Degişli Habarlar