Sputnik V Sanjymy 95 Göterim Netije Berdi

Russiýanyň bellige alyş işleri tamamlanan ilkinji koronawirus sanjymy “Sputnik V-niň” kliniki synaglary, sanjymyň 95 göterim netijelidigini görkezdi

1533532
Sputnik V Sanjymy 95 Göterim Netije Berdi

“Sputnik V” sanjymynyň meýletinler boýunça geçirilen kliniki synaglaryndan alynan görkeijileriň ilkinji araky analizleriniň netijesinde sanjymyň birinji dozasynyň urulmagyndan 42 gün soň 95 göterimden gowrak netije berendigi anyklandy.

“Sputnik V” sanjymyny maliýeleşdiren Russiýanyň Gönüden maýa goýum gaznasynyň Twitter hasabyndan berilen habarnamada sanjymyň bir dozasynyň halkara bazarlary üçin nyrhynyň 10 dollardan aşakda boljakdygy nygtalýar.

“Sputnik V-niň” iki doza görnüşinde urulmaly sanjymdygyna üns çekilen habarnamada, rus sanjymynyň birmeňzeş derejede netijeli bolandygy beýan edilen beýleki sanjymlaryň ýarym bahasynda boljakdygy bellenilýär.

Beýannamada sanjymyň Russiýanyň raýatlaryna tölegsiz uruljakdygy hem nygtalýar.



Degişli Habarlar