“Daşary Ýurtly Hakynatutma Esger Getirmek Ermenistanyň Döwlet Syýasaty”

Bu barada Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň beýannamasynda aýdylýar

1500593
“Daşary Ýurtly Hakynatutma Esger Getirmek Ermenistanyň Döwlet Syýasaty”

Azerbaýjan resmi Ýerewanyň basyp alan ýerlerine daşary ýurtly hakynatutma esger getirmegiň, terrorizmiň, Ermenistanyň döwlet syýasatynyň bir bölegini emele getirýändigini beýan etdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Maglumatlar we metbugat departamentinden berilen beýannamany analiz eden Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi şeýle usulyýetleriň Ermenistan tarapyndan giňden peýdalanylmagy boýunça aladalaryň özleri tarapyndan ençeme gezek beýan edilendigini ýatlatdy.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada: “Ermenistan Azerbaýjanyň Daglyk Garabag awtanomiasyny we golaýdaky şäherleri basyp alýarka we ýurdumyza garşy soňky hüjümlerde Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň başda durmagynda daşary ýurtlardan terrorçy we hakynatutma esgerler getiripdi. Erenistanyň soňky aýlarda bikanun ilatlaşdyryş syýasatyna görä basylyp alynan ýerlere daşary ýurtly hakynatutma esger getirmegi we olardan “meýletin toparlar” ady bilen Azerbaýjana garşy hüjümlerde peýdalanmagy terrorizmiň Ermenistanyň döwlet syýasatynyň bir bölegi bolup durýandygyny görkezýär” diýildi.

 

 

 



Degişli Habarlar