YHG Notr Dam katedralynda bolan ýangyna uly gynanç bildirdi

Al Azher guramasy hemPariždäki Notr Dam katedralynda bolan ýangyna gynanç bildirdi

1184802
YHG  Notr Dam katedralynda bolan ýangyna uly gynanç bildirdi

Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy bilen Al Azher guramasy Fransiýanyň paýtagty Pariždäki Notr Dam katedralynda bolan ýangyna uly gynanç bildirdi.

Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Ýusuf Bin Ahmed Al Oseýmin mesele hakynda beren beýanatynda, Notr Dam katedralygynyň bir böleginiň ýangyn sebäpli ýykylmagyna çuňňur gynanç bildirýändigini mälim etdi.

Oseýmin ýurduň esasy syýahatçylyk merkezlerinden biri bolan we BMG-nyň Bilim, ylym we medeniýet düzümi UNESKO-nyň Dünýäniň medeni miras sanawynda ýer alýan Notr Dam katedralynyň ýangynda bir böleginiň ýykylmağy sebäpli fransuz halkyna, hökümetine we Hristiýanlara gynanç bildirýändigini nygtady.

 Al Azher Şyhy Ahmed At Taýýib hem katedralda bolan ýangyna gynanç bildirdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar