Ispaniýada otly relsden çykdy
Ispaniýanyň gündogaryndaky Kataloniýa sebitiniň Barselona şäherinde otlynyň relsden çykmagy netijesinde azyndan 1 adam ýogaldy, 5-siniň ýagdaýy agyr 10 adam bolsa ýaralandy
Kataloniýanyň radiosy RAC1-iň beren habaryna görä, ýerli wagt bilen sagat 06:15-de R4 liniýasynda, Manresa-Sent-Winsent de Kalders gatnawyny amala aşyrýan otlynyň 2 wagony relsden çykdy.
Ispaniýanyň Otly dolandyryş edarasy Renfeniň metbugat geňeşçisi Antonio Karmona, wakada köp sanda adamyň ýaralandygyny belläp, Raýat goranyş toparynyň resmileriniň wakada ilkinji kesgitlemere görä 1 adamyň ýogalandygyny, 5-siniň ýagdaýy agyr jemi 10 adamyň bolsa ýaralanandygyny aýdandyklaryny beýan etdi.
Wakanyň bolan ýerine 14 ýangyn söndüriji ulagyň, 8 tiz kömek ulagynyň we polisiýa işgärleriniň gönükdirilendigi, ýaralanan adamlaryň bolsa golaýdaky hassahanalara alynyp gidilendigi habar berildi.
Degişli Habarlar
Russiýa Britaniýanyň Harby Attaşesini Ýurtdan Çykarar
Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrligi ýazmaça beýannama berdi.