Taýlantda gowakda ýiten çagalar 9 gün soň tapyldy

Çagalaryň saglyk ýagdaýlarynyň gowudygy mälim edildi

1004599
Taýlantda gowakda ýiten çagalar 9 gün soň tapyldy

Taýlantda suw basan gowakda 9 gün kyn ýagdaýda galan 12 çaga bilen tälimçileri tapyldy.

“Ýaban doňuzy” atly futbol komandasynda oýnaýan, ýaşlary 11-16 aralygynda üýtgeýän 12 erkek çaga we olaryň tälimçileri 9 gün soň tapyldy.

23-nji iýunda Tham Luang Nang Non gowagyna giren çagalar, gözleg işleriniň netijesinde tapyldy.

Garaňky tunellerde ýiten we ýagyş suwunyň basmagy netijesinde gowagyň içinde kyn ýagdaýda galan çagalar üçin Taýlandyň ýörite harby topary bilen ABŞ, Britaniýa, Awstraliýa we Hytaý ýaly ýurtlardan çagyrylan hünärmenleriň gatnaşmagynda halkara operasiýa geçirildi.



Degişli Habarlar