Serž Sarkisýan protest ýörişlerine garamazdan Ermenistanyň Premýer ministrligine saýlandy

Ermenistanyň ozalky Prezidenti Serž Sarkisýan paýtagt Ýerewanda geçirlen protest ýörişlerine garamazdan premýer ministrlige saýlandy

953471
Serž Sarkisýan protest ýörişlerine garamazdan Ermenistanyň Premýer ministrligine saýlandy

2015-nji ýylda konstitutsiýa girizilen üýtgetmä laýyklykda 9-njy aprelde partlamentar ulgama geçen we ýurdy dolandyrmak ygtyýary prezidentden premýer ministre berlen Ermenistanda täze döwrüň ilkinji premýer ministri Serž Sarkisýan boldy.

105 kürsüli Ermenistanyň Parlamentinde geçirlen sese goýulşyga  94 halk deputaty gatnaşdy.

Sese goýulşykda Respublikan partiýa we hökümetiň şärgi Daşnaksutýun partiýasy tarapyndan premýer ministerlige dalaşgärlige hödürlenen Sarkisýan 77 “kabul” sesi bilen Ermenistanyň Premýer ministri boldy

17 halk deputaty bolsa garşy ses berdi.

 



Degişli Habarlar