Russiýada Döwlet ýol gözegçilik gullugynyň 10 müň işgäri işden çykaryldy

Işden çykarylan işgärleriň Içeri işler ministrligiň beýleki bölümlerine ýüz tutyp biljekdikleri habar berildi

885370
Russiýada Döwlet ýol gözegçilik gullugynyň 10 müň işgäri işden çykaryldy

Ýurdyň Döwlet ýol gözegçilik gullugynyň işgärlerini azaltmak barada karar kabul eden Russiýanyň hökümeti şol karary durmuşa geçirmäge başlady.

Russiýanyň Içeri işler ministrligi 1-nji ýanwardan başlap ýurtda Döwlet ýol gözegçilik gullugynyň 10 müň işgäriniň işden çykarylandygyny mälim etdi.

Işden çykarylan işgärleriň Içeri işler ministrligiň beýleki bölümlerine ýüz tutyp biljekdikleri habar berildi.



Degişli Habarlar