Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär

Ysraýylyň 225 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

2141152
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär

Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza Sektoryna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 83 adam artyp 35 müň 386 adama ýetdi.

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 225 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza guran hüjümlerinde 9 gyrgynçylyk edendigi, şol hüjümlerde ýenede 83 palestinalynyň ýogalandygy, 105 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sanynyň 35 müň 386, ýaralananlaryň sanynyň hem 79 müň 366 adama ýetendigi ýatladyldy.

 

 

 



Degişli Habarlar