"Demirgazyk Koreýa goýlan embargo uly betbagtçylyga sebäp bolar"

Putin Demirgazyk Koreýa ykdysady we harby taýdan goýlan embargolary tankyt etdi

801429
"Demirgazyk Koreýa goýlan embargo uly betbagtçylyga sebäp bolar"

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Demirgazyk Koreýa goýlan embargonyň uly betbagtçylyga sebäp boljakdygyny aýtdy.

Hytaýa guran iş saparyndan soň metbugata beýanat beren Putin, Demirgazyk Koreýa ykdysady we harby taýdan goýlan embargolary tankyt etdi we embargolaryň oňyn netije bermejekdigini nygtady.

ABŞ-nyň we Ýewropa ýurtlarynyň goýan embargolarynyň Phenýandaky hökümeti çalşyp bilmejekdigini aýdan Putin embargolaryň köp sanly adamyň ýitgi çekmegi bilen netijelenjekdigini aýtdy.

Putin embargolaryň mundan başgada halkara derejesinde uly çökgünlige sebäp bolup biljekdigini belledi.

 



Degişli Habarlar