Ispaniýada ikinji hüjümiň öňi alyndy

Berlen soňky beýanatda bolsa ýaralanan hüjümçiniň hem ýogalandygy ýatladyldy

792204
Ispaniýada ikinji hüjümiň öňi alyndy

Ispaniýanyň Barselona şäherinde 13 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümden soň şäheriň 120 kilometr günortasynda ýerleşýän kenarýaka şäherçesinde ikinji hüjümi guramak üçin taýarlyk görýän 5 adam öldürildi.

Howpsyzlyk güýçleri Barselonadaky hüjüm bilen arabaglanşykly 1 adamyň gaz balony ýarmaga taýarlanýarka öldürlendigini mälim etdi.

Beýanatda hüjüm bilen arabaglanşykly 4 hüjümçiniň öldürlendigi, 1 hüjümçiniň bolsa ýaralanandygy nygtalypdy.

Berlen soňky beýanatda bolsa ýaralanan hüjümçiniň hem ýogalandygy ýatladyldy.

 

 



Degişli Habarlar