Terese Meýe hökümeti gurmak üçin ygtyýar berildi

Britaniýada geçirilen saýlawlaryň netijesinden soň iş başyndan çekilip-çekilmejekdigi jedelleşilýän Premýer ministr Teresa Meýiň hökümeti gurmak üçin ygtyýar alandygy habar berildi

749626
Terese Meýe hökümeti gurmak üçin ygtyýar berildi

Bekingam köşkünde Şa Ýelizabeta bilen 15 minut dowam eden duşuşykdan soň ministrler kabinetiniň öňünde metbugatyň wekillerine beýannama beren Teresa Meý, gurjak täze hökümetiniň “ýurtda konret işleri durmuşa geçirjekdigini we Britaniýany taryhyndaky möhüm döwürde öňe alyp gitjekdigini” aýtdy.

Meý; “Bu hökümet 10 günüň dowamynda başlajak dartgynly Breksit gepleşiklerinde ýurda ýolbeletlik eder” diýdi.

“Sky Nýus” kanaly bolsa Demokratik Demirgazyk İrlandiýa partiýasynyň Konserwatiw partiýa hökümeti gurmagy üçin godaw berjekdigi mälim etdi.



Degişli Habarlar