"Erdogan Yslam dünýäsinde deňagramlylyk faktory"

Ýahýa Heising Erdoganyň Yslam dünýäsiniň tanymal lideri we şahsyýetidigine ünsi çekdi

552392
"Erdogan Yslam dünýäsinde deňagramlylyk faktory"

Nemes aklawçy Ýahýa Heising Prezident R. T. Erdoganyň Yslam dünýäsinde deňagramlylyk faktorydygyny aýtdy.

Ýahýa Heising Erdoganyň Yslam dünýäsiniň tanymal lideri we şahsyýetidigine ünsi çekdi.

Heising “ Erdogan, Yslam dünýäsi üçin deňagramlylyk faktory, yslam dünýäsiniň ruhy hemaýatçysy. Prezident Erdogan yslam dünýäsinde saýlaw geçirlen halatynda saýlawçylaryň 90 göteriminiň sesini aljak lider. Türkiýe Erdogany örän halaýar. Erdogan häkimiýet başyna gelmezden ozal Türkiýede käbir kynçylyklar bardy, emma ol häkimiýet başyna gelenden soň ähli ugurda bolşy ýaly demokratiýa we adam hukuklary taýdan hem öňe gidişlik edildi. Erdoganyň alyp barýan syýasaty käbir günbatarly ýurtlary biynjalyk edýär”diýdi.

R. T. Erdoganyň yslam dünýäsiniň jebisleşmegini isleýändigine ünsi çeken Heising, “Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-nyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygy başa baran  bolsady bu yslam dünýäsi üçin uly ýitgi bolardy. Emma hudaýa şukur başa barmady” diýdi.

Günbatarly ýurtlaryň Türkiýä garşy alyp barýan tutumyny tankyt eden Heising, “Bu dolulygyna bähbide esaslanýar. Germaniýanyň Hytaý we ABŞ bilen edýän ykdysady gatnaşyklaryna serediň. Hiç kim ol ýerde adam hukuklaryndan söz etmeýär we diňe iki taraply bähbide üns berýärler. ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama Nobel baýragyny aldy emma uçarmansyz howa ulaglary birnäçe adamyň ýogalmagyna sebäp boldy. Guantanamo ýapylmady. Emma bular hiç hili ýagdaýda tankyt edilmeýar. Bu iki ýüzlülikdir” diýip belledi.

FETÖ/PDÝ-nyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynda türk halkynyň tutanýerli tutumynyň özünde uly täsir galdyrandygyny aýdan nemes aklawçy Ýahýa Heising, “Agdarlyşyk synanşygy gijesi Stambulda Kojamustafapaşadaky Ramazan ependi metjidindedim. Aýalym telefon etdi we derrew öýe geçdim. Prezident R. T. Erdoganyň çagyryşyndan soň gaýynatam we oglym bilen köçä çykdyk. Erdoganyň hökümetini agdarmagy meýilleşdiren agdarlyşyk synanşygydy” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar