Gündogar Gara Deňiz Sebitiniň Önümleri 120 Ýurda Eksport Edildi

Eksport edilen önümleriň sanawynda 258 million 101 müň 314 dollar bilen funduk esasy orun eýeledi.

2135981
Gündogar Gara Deňiz Sebitiniň Önümleri 120 Ýurda Eksport Edildi

Türkiýäniň Gündogar Gara deňiz sebitinden 2024-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlaryny öz içine alýan döwürde eksportdan 525 million 500 müň dollarlyk girdeji gazanyldy.

Üstümizdäki ýylyň 4 aýlyk döwründe Trabzondan 408 million 859 müň, Rizeden 68 million 837 müň, Artwinden 30 million 57 müň we Gümüşhanede 17 million 747 müň dollarlyk önüm eksport edildi.

Eksport edilen önümleriň sanawynda 258 million 101 müň 314 dollar bilen funduk esasy orun eýeledi.

Gündogar Gara deňiz sebitiniň önümleri 120 ýurda eksport edildi.

Eksport sanawynda Italiýa, Russiýa, Gruziýa, Germaniýa we Hytaý esasy orun eýeledi.

 

 

 


Etiketkalar: #girdeji , #funduk , #eksport

Degişli Habarlar