Mehmet Şimşek Katarda saparda bolýar
Türkiyäniň Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşek Katar Ykdyadyýet forumyna gatnaşmak maskady bilen Kataryň paýtagty Doha şäherine bardy
Düýn Belgiýanyň möhüm analitik guramalaryndan biri bolan Bruegelde "Türkiye: Ýewropanyň ekosistemasynda ösmek" temaly çäresinde çykyş eden Mehmet Şimşek ol ýerden bolsa Katara geçdi.
Mehmet Şimşek Doha şäherinde geçirilýän Katar Ykdysadyýet forumynda 2 gün dowam etjek saparyna başlady.
Forumda "Bäsdeş ykdysadyýetleri emele getirmek" temaly bölüminde çykyş etjek Mehmet Şimşek, şeýle hem maýadarlaryň maslahatlaryna gatnaşar.
Mehmet Şimşek foruma gatnaşjak ministrler bilen ikiçäk duşuşyklar geçirer.
Degişli Habarlar
Türkiye eksportda ýene-de bir rekord goýdy
Türkiyäniň taryhynyň iň ýokary görkezijili maý aýy eksporty amala aşyryldy
Polat Önümçiligi 4,4 Göterim Artdy
Türkiýäniň çig polat önümçiligi, aprel aýynda 4,4 göterim artyp 2,8 million tonna ýetdi.