Türkiyä ýylyň ilkinji çärýeginde gelen halkara gönüden maýa goýumlar 1,5 milliard dollar boldy

Türkiyä gelen halkara gönüden maýa goýumlar şu ýylyň ilkinji çärýeginde 1,5 milliard dollar boldy

2139505
Türkiyä ýylyň ilkinji çärýeginde gelen halkara gönüden maýa goýumlar 1,5 milliard dollar boldy

Halkara maýa goýumlar jemgyýeti Görkezijiler boýunça gönüden maýa goýum býulletenini çap etdi. 

Şoňa laýyklykda mart aýynda Türkiyä giren jemi halkara gönüden maýa goýumlaryň mukdary 336 million dollar bolan bolsa, 2024-nji ýylyň ilkinji 3 aýynda şol görkeziji 1,5 milliard dollar boldy. 

Ady agzalan döwürde iň köp maýa goýumy maliýe we ätiýaçlandyryş ugurlary boýunça boldy. 

Ýylyň ilkinji çärýeginde Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar 58 göterimlik paý bilen Türkiyä gelen maýa goýum kapitalynyň iň uly çeşmesi bolmaga dowam etdi. 

Ýurt derejesinde ser salynanda bolsa iň öňde 25 göterimlik paý bilen Gollandiýa bolan bolsa, 21 göterim bilen ABŞ 2-nji, 12 göterimlik paý bilen Germaniýa 3-nji boldy. 


Etiketkalar: #Türkiye , #maýa goýum

Degişli Habarlar