Türkiýede Işsizleriň Sany Azalýar

Işsizleriň sany iýul aýy bilen deňeşdirilende 0,2 göterim azaldy.

2048837
Türkiýede Işsizleriň Sany Azalýar

Türkiýede işsizleriň sany azalýar, iş mümkinçiligi artýar.

Türkiýäniň Hasabat guramasynyň awgust aýyndaky iş güýji hakyndaky habarnamasyna görä, awgust aýynda işsizleriň sany iýul aýy bilen deňeşdirilende 0,2 göterim azaldy.

Jemi işsizleriň sany hem 56 müň adam azalyp, 3 million 223 müň adam bilen soňky 5 ýylyň iň pes derejesine çenli aşaklady.

Awgust aýynda ýurtda işe girenleriň sany artdy.

Iş güýjüne goşulanlaryň sany 31 million 686 müň adama ýetdi.


Etiketkalar: #hasabat , #işsizlik

Degişli Habarlar