Iýul aýynyň eksporty ähli wagtlaryň iň ýokary görkezijili iýul aýy eksporty boldy

Ýylyň ilkinji 7 aýylyk eksport görkezijisi bolsa 143 milliard 435 million dollara ýetdi

2019808
Iýul aýynyň eksporty ähli wagtlaryň iň ýokary görkezijili iýul aýy eksporty boldy

Türkiyäniň iýul aýyndaky eksporty 8,4 göterimlik artyş bilen 20 milliard 93 million dollara barabar boldy. 

Bu görkeziji bolsa iň ýokary görkezijili iýul aýynyň ekporty hökmünde hasaba alyndy. 

Ýylyň ilkinji 7 aýylyk eksport görkezijisi bolsa 143 milliard 435 million dollara ýetdi. 

Iýul aýyna çenli soňky 12 aýlyk eksport görkezijisi 2,1 göterimlik artyş bilen 253 milliard 379 million dollar hökmünde hasaba alyndy. 

Bu görkeziji global önümçilikdäki we esasan hem Türkiyäniň iň uly eksport bazarlary bolan Ýewropa Bileleşigindäki haýallaşma we çökgünlige garamazdan gazanyldy.


Etiketkalar: #görkeziji , #iýul , #eksport

Degişli Habarlar