Türkiýäniň Eksporty 12,9 Göterim Artdy

Ekspordyň 1 milliard dollardan geçen ýurtlarynyň sany hem 43-den 47-ä ýetdi.

1931229
Türkiýäniň Eksporty 12,9 Göterim Artdy

Türkiýe eksportçylar mejlisiniň görkezijilerine görä, Türkiýäniň eksporty 2022-nji ýylda 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 12,9 göterim artyp 254 milliard 209 million 535 müň dollara ýetdi.

Ekspordyň 1 milliard dollardan geçen ýurtlarynyň sany hem 43-den 47-ä ýetdi.

Türkiýäniň Günorta Afrika Respublikasyna, Belarusa, Türkmenistana we DKTR-na edýän eksporty ilkinji gezek 1 milliard dollardan geçdi.

47 ýurda edilen jemi eksport 189,3 milliard dollara barabar boldy.

Eksport sanawynda 18,91 milliard dollar bilen Germaniýa birinji, 14,36 milliard dollar bilen ABŞ ikinji, 12,25 milliard dollar bilen Britaniýa üçünji orny eýeledi.

Italiýa 11,23 milliard dollar bilen dördünji, Yrak bolsa 10,48 milliard dollar bilen sanawda bäşinji orny eýeledi.

Eksport sanawynda Ispaniýa, Fransiýa, Russiýa, Gollandiýa we Ysraýyl hem ilkinji 10 ýurduň hatarynda ýer aldy.

 

 

 

 


Etiketkalar: #artmak , #görkeziji , #eksport

Degişli Habarlar