Türkiýede işsizlik görkezijileri aýan edildi

Türkiýede işsizlik görkezijileri 2021-nji ýylda 2020-nji ýyla garanyňda 1,1 göterim azalyp, 12 göterime çenli peseldi

1800517
Türkiýede işsizlik görkezijileri aýan edildi

Türkiýäniň Statistika edarasynyň "Zähmet statistikasy 2021" maglumatyna görä, ýurt derejesinde işsiz adamlaryň sany geçen ýyl 2020-nji ýyla garanyňda 121 müň adam azalyp, 3 million 919 müň adam boldy. 

Işsizlik görkezijileri 2021-nji ýylda 2020-nji ýyla garanyňda 1,1 göterim azalyp, 12 göterime çenli peseldi. 

2020-nji ýylda işsizlik görkezijileri 13,1 göterim, işsizleriň sany bolsa 4 million 40 müň adam hökmünde beýan edilipdi. 



Degişli Habarlar