Türkiýede işsizlik görkezijileri aýan edildi

Türkiýede işsizlik görkezijileri 2021-nji ýylyň 4-nji çärýeginde, 3-nji çärýege garanyňda 0,5 göterimlik azalyş bilen 11,2 göterim boldy

1778983
Türkiýede işsizlik görkezijileri aýan edildi

Türkiýäniň Hasabat guramasy 2021-nji ýylyň oktýabr-dekabr aýlary aralygynda işsizlik görkezijileri barada beýannama berdi. 

Şoňa laýyklykda Türkiýede 15 ýaş we ondan ýokary ýaşda bolan adamlarda möwsümiň täsirinden saplanan işsiz adamlaryň sany geçen ýylyň soňky çärýeginde 3-nji çärýege garanyňda 78 müň adam azalyp, 3 million 780 müň adama çenli peseldi. 

Möwsümiň täsirinden saplanan işsizlik görkezijileri 0,5 göterim azalyp, 11,2 göterim derejesine çenli peseldi. 

Işsizlik görkezijileri 2021-nji ýylyň 4-nji çärýeginde, 2020-nji ýylyň 4-nji çärýegine garanyňda 1,8 göterim azaldy. 



Degişli Habarlar