Türkiýe 54 Ýurda Pomidor Eksport Etdi

Pomidor eksportundan 363,3 million dollar girdeji alyndy

1758988
Türkiýe 54 Ýurda Pomidor Eksport Etdi

Günorta-gündogar Anadoly Eksportçy bileleşikleriniň görkezijilerine görä Türkiýeden 2021-nji ýylda edilen pomidor eksporty 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 16 göterime barabar ýokarlap, 363,3 million dollara barabar boldy.

Geçen ýyl pomidor eksport edilen esasy ýurt 68 million dollar bilen Russiýa boldy. Rumyniýa bolsa 58,3 million dollar bilen ikinji orunda durýar.

2020-nji ýyl bilen denşdirilende Bolgariýa edilýän eksportda uly ösüş edilendigi habar berildi.

Türkiýe Bolgariýa 2020-nji ýylda 28,8 million dollarlyk pomidor eksport eden bolsa, şol mukdar 2021-nji ýylda 40,9 million dollara barabar boldy.



Degişli Habarlar