Türkiýäniň Senagat Önümçiligi Artdy

Senagat önümçiliginiň indeksi oktýabr aýynda aýlyk mukdarda 0,6, ýyllyk mukdarda 8,5 göterim artdy

1746515
Türkiýäniň Senagat Önümçiligi Artdy

Türkiýäniň Hasabat guramasy oktýabr aýynyň senagat önümçiligi indeksiniň görkezijilerini çap etdi.

Şuňa laýyklykda senagat önümçiligi aýlyk mukdarda 0,6, ýyllyk mukdarda 8,5 göterim artdy.

Oktýabr aýynda magdançylyk we daş-kömür pudagynyň indeksi geçen ýylyň degişli döwrüne görä 9,2, önümçilik senagaty pudagynyň indeksi 9,2 we elektrik togy, gaz, bug we yklymlandyryş önümçiligi pudagynyň indeksi 3,5 göterim artdy.

Senagatyň aşakky pudaklary seljerilende bolsa oktýabr aýnda magdançylyk we daş-kömür pudagynyň indeksi geçen aý bilen deňeşdirilende 0,3 göterim aşaklan bolsa, önümçilik senagaty pudagynyň indeksi 0,7 we elektrik togy, gaz, bug we yklymlandyryş önümçiligi pudagynyň indeksi 0,1 göterim artdy.



Degişli Habarlar