Işsizlik görkezijileri aýan edildi

Türkiýede işsizlik görkezijileri şu ýylyň 3-nji çärýeginde 2-nji çarýege garanyňda 0,4 göterim azalyp, 11,7 göterime barabar boldy

1734564
Işsizlik görkezijileri aýan edildi

Ady agzalan wagt aralygynda işsiz adamlaryň sany 3 million 842 müň adama çenli azaldy. 

Türkiýäniň Statistika gullugy, şu ýylyň iýul-sentýabr aýlary aralygyny öz içine alýan işsizlik görkezijilerini aýan etdi. 

Şoňa laýyklykda Türkiýede 15 ýaş we ondan ýokary ýaşda bolan adamlarda möwsüm täsirinden saplanan işsizlik görkezijileri 2021-nji ýylyň 3-nji çärýeginde, ýylyň 2-nji çärýegi bilen deňeşdirilende 57 müň adam azalyp, 3 million 842 müň adama ýetdi. 

Möwsüm täsirinden saplanan işsizlik görkezijileri 0,4 göterimlik azalyş bilen 11,7 göterim derejesine ýetdi. 



Degişli Habarlar