Ykdysady ynam indeksi artdy

Türkiýäniň Ykdysady ynam indeksi artmaga dowam edýär

1712155
Ykdysady ynam indeksi artdy

Ykdysady ynam indeksi sentýabr aýynda aýlyk görkezijilere görä 1,6 göterim artyp 102,4 göterim derejesine ýetdi. Ykdysady ynam indeksi bu görkeziji bilen soňky 41 aýyň iň ýokary görkezijisine eýe boldy. 

Türkiýäniň Hasabat guramasy sentýabr aýynyň ykdysady ynam indeksiniň görkezijilerini aýan etdi. 

Görkezijilere laýyklykda ykdysady ynam indeksi awgust aýynda 100,8 göterim bolan bolsa, sentýabr aýynda 1,6 göterim artyp, 102,4 göterime ýetdi. Ykdysady ynam indeksi bu görkeziji bilen soňky 41 aýyň iň ýokary görkezijisine eýe boldy. Ykdysady ynam indeksi 2018-nji ýylyň aprel aýynda 103 göterim derejesindedi. 

Ykdysady ynam indeksindäki artyş sarp ediji, önümçilik senagaty, hyzmatlar we bölekleýin söwda pudaklaryndaky ynam indekslerindäki artyşlardan gözbaş alýar. 



Degişli Habarlar