Türkiýede işsizlik azaldy

Türkiýede işsizlik derejesi iýun aýynda maý aýyna garanyňda 2,5 göterimlik azalyş bilen 10,6 göterime çenli peseldi

1688582
Türkiýede işsizlik azaldy

Ady agzalan döwürde işsizlik görkezijisi 3 million 399 müň adama çenli azaldy. 

Türkiýäniň Hasabat guramasy 2021-nji ýylyň iýun aýynyň işsizlik görkezijileri barada habarnama çap etdi. 

Şoňa laýyklykda Türkiýede 15 ýaş we ondan ýokary ýaşda bolan adamlaryň işsizlik görkezijileri, iýun aýynda maý aýyna garanyňda 823 müň adam azalyp 3 million 399 müň adama ýetdi. 

Işsizlik görkezijileri 2,5 göterim azalyp 10,6 göterime çenli peseldi. 

Işsizlik görkezijileri geçen ýylyň iýun aýyna garanyňda hem 2,7 göterim peseldi. 

Oba hojalyk pudagyndan daşary işsizlik görkezijileri iýun aýynda maý aýyna garanyňda 2,7 göterim azalyp, 12,3 göterim hökmünde aýan edildi. 

Ady agzalan aýda 15-24 ýaş aralygyndaky ilatyň ýaş böleginiň işsizlik görkezijileri bolsa maý aýyna garanyňda 0,2 göterimlik azalyş bilen 22,7 göterime, işe ýerleşdirme görkezijisi bolsa 0,4 göterimlik artyş bilen 32,6 göterim hökmünde beýan edildi. 



Degişli Habarlar