Türkiýäniň Eksporty Artdy

Türkiýäniň eksporty maý aýynda geçen ýylyň maý aýyna garanyňda 65,7 göterim artyp, 16 milliard 498 million dollar hökmünde hasaba alyndy

1667518
Türkiýäniň Eksporty Artdy

Türkiýäniň Statistika guramasynyň we Söwda ministrliginiň hyzmatdaşlyk etmeginde düzülen maý aýy bilen baglanşykly daşary söwda görkezijileri aýan edildi. 

Şoňa laýyklykda Umumy Söwda ulgamynyň çäginde eksport maý aýynda geçen ýylyň maý aýyna garanyňda 65,7 göterim artyp, 16 milliard 498 million dollara, import bolsa 54 göterimlik artyş bilen 20 million 627 million dollara ýetdi. 

Eksport ýanwar-maý aýlary aralygynda geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 38,3 göterim artyp, 85 milliard 209 million dollara, import bolsa 25,2 göterimlik artyş bilen 103 milliard 485 million dollara ýetdi. 



Degişli Habarlar