Himiki Maddalaryň we Önümleriň Eksporty 2 Milliard Dollardan Geçdi

Pudagyň eksport mukdary 80,5 göterim artdy

1651035
Himiki Maddalaryň we Önümleriň Eksporty 2 Milliard Dollardan Geçdi

Türkiýäniň himiki madda we önümleri pudagynyň eksporty geçen maý aýynda 2020-nži ýylyň degişli döwrüne görä 80,5 göterim artyp, 2,1 milliard dollara barabar boldy.

Türkiýäniň Eksportçykar mejlisiniň görkezižilerine görä Türkiýäniň maý aýyndaky eksporty geçen ýylyň degişli döwrüne görä 65,5 göterim ýokarlap, 16 milliard 480 million dollara deň boldy.

Ýylyň birinji bäş aýynda bolsa eksport 38,3 göterim ýokarlap, 85,2 milliard dollara barabar boldy.

Pudagyň üstümizdäki ýylyň ýanwar-maý aýlarynyň aralygyndaky döwürdäki eksporty 35 göterime barabar ýokarlap, 9,6 milliard dollara deň boldy.


Etiketkalar: #eksport , #önüm , #himiki madda

Degişli Habarlar