Işsizlik görkezijileri aýan edildi

Türkiýede Işsizlik görkezijileri, 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda 2020-nji ýylyň dekabr aýyna garanyňda 0,4 göterim azalyp, 12,2 göterime çenli peseldi

1598437
Işsizlik görkezijileri aýan edildi

Türkiýäniň Hasabat guramasy tarapyndan berilen beýanata görä, ýanwar aýynda işsizlik görkezijileri ondan 1 aý ozalky görkezijiler bilen deňeşdirilende 1 müň adam azalyp, 3 million 861 müň adama ýetdi.  

Işsizlik görkezijileri, ýyllyk derejede 0,4 göterim azalyp 12,2 göterime ýetdi, işe ýerleşdirilenleriň sany 1,2 göterim artyş bilen 43,8 göterim hökmünde hasaba alyndy. 

Şeýlelik bilen işläp ýörenleriň sany jemi 27 millon 706 müň adama çenli ýokarlady. 

Bellige alynman işleýän adamlaryň sany bolsa 28 göterime çenli aşaklady. 



Degişli Habarlar