Ykdysady Ynam indeksi artdy

Türkiýede Ykdysady Ynam indeksi artdy

1572883
Ykdysady Ynam indeksi artdy

Türkiýede Ykdysady ynam indeksi ýanwar aýynda aýlyk derejede 1,6 göterim artyp, 96,2 göterime çenli ýokarlady. 

Türkiýäniň Hasabat guramasy ýanwar aýynyň Ykdysady ynam indeksi bilen bagly görkezijileri barada maglumat berdi. 

Ykdysady Ynam indeksi ýanwar aýynda, 2020-nji ýylyň dekabr aýyna garanyňda 1,6 göterim artyp, 96,2 göterime çenli ýokarlady. 

Ykdysady Ynam indeksindäki artyş, sarp ediji we hyzmatlar pudaklaryndaky ynam indekslerindäki artyşdan gözbaş alýar.

Sarp ediji ynam indeksi geçen aýa garanyňda 4 göterim ýokarlap 83,3 göterime, hyzmatlar pudagyndaky ynam indeksi bolsa 2,9 göterim artyp, 101,9 göterime çenli ýokarlady. 



Degişli Habarlar