Senagat önümçilik indeksi artdy

Senagat önümçilik indeksi, 2020-nji ýylyň noýabr aýynda aýlyk görkezijilere görä 1,3 göterim, ýyllyk  görkezijilere görä bolsa 11 göterim artdy

1562714
Senagat önümçilik indeksi artdy

Türkiýäniň Hasabat guramasy, 2020-nji ýylyň noýabr aýynyň senagat önümçiliginiň görkezijileriň netijesini aýat etdi. 

Şoňa laýyklykda geçen ýylyň noýabr aýynda senenama täsirinden saplanan senagat önümçiligi 2019-njy ýylyň noýabr aýyna garanyňda 11 göterim artdy. 

Senenama täsirinden saplanmadyk senagat önümçilik indeksinde bolsa ýyllyk derejede 8,7 göterimlik artyş hasaba alyndy. 

Senagat pudagyna degişli kiçi pudaklara ser salynanda bolsa 2020-nji ýylyň noýabr aýynda magdan känleri we karýer pudaklarynyň indeksi 2019-njy ýylyň noýabr aýyna garanyňda 4,6 göterim, önümçilik senagat pudagynyň indeksi 11,6 göterim we elektrik tok, gaz, bug we kondisioner önümçiligi we paýlanşygy pudagynyň indeksi 7,5 göterim artdy.  



Degişli Habarlar