2018-nji ýylda Türkiýä dynç almaga gelen ruslaryň sany 25 göterim artdy

Russiýanyň Tur operatorlar birliginiň başlygy Maýa Lomidze, rus syýahatçylaryň 2018-nji ýyldaky iň halan dynç alyş zolagynyň Türkiýe bolandygyny habar berdi

1116209
2018-nji ýylda Türkiýä dynç almaga gelen ruslaryň sany 25 göterim artdy

Maýa Lomidze paýtagt Moskwada metbugat işgärlerine beren beýanatynda, 2018-nji ýylda daşary ýurda dynç almaga çykan rus syýahatçylaryň sanynyň 2017-nji ýyla garanyňda 8 göterim artandygyny mälim etdi. 

Türkiýe bilen birlikde käbir ýurtlara saparlaryň örän artandygyny aýdan Lomidze: "Türkiýä dynç almaga giden syýahatçylaryň sany 2017-nji ýyla garanyňda 25 göterim artdy. Rus syýahatçylaryň iň halan dynç alyş zolagy Türkiýe boldy" diýdi. 

Rus syýahatçylaryň Türkiýe bilen birlikde Týlanda hem uly gyzyklanma bildirendigii aýdan Lomidze: "Beýleki meşhur syýahatçylyk ýurtlaryň arasynda bolsa Germaniýa, Italiýa, Ispaniýa, Gresiýa, BAE, Tunis we Fransiýa ýaly ýurtlar bar" diýip beýan etdi. 

 



Degişli Habarlar