Müsür ykdysady çökgünligiň bosagasyna geldi

Müsürde soňky 3 ýylda iş başynda bolan üç aýry hökümet tarapyndan alnyp barylan ykdysady syýasatlar ýurdy ykdysady çökgünliň bosagasyna getirdi

603007
Müsür ykdysady çökgünligiň bosagasyna geldi

Ykdysady kynçylyklarda Sues kanalynyň girdejisiniň azalmagy we rus harby uçarynyň 2015-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Sina Ýarymadasynda heläkçilige uçramagyndan soň syýahatçylaryň sany 70 göterime çenli aşaklady.

Walýuta ätiýajynyň azalmagy sebäpli Müsüriň jüneýhi dollar bilen deňeşdirilende hümmetini ýitirdi.

Erkin bazarlarda Amerikan dollary 8 jüneýhden 17 jüneýhe çenli ýokarlady.

Dollaryň ýokarlamagy sebäpli azyk önümleriniň nyrhy hem ýokarlady we esasan hem soňky bir aýda ýurtda başdan geçirilýän şeker ýetmezçiligi meselesi çözülip bilinmedi.

Kair, Giza we Iskenderiýe ýaly uly şäherlerde bolsa adam başyna iň köp 5 kilogram şeker satylýar. Krizisden öň 5 jüneýh bolan 1 kilogram şekeriň bahasy 10 jüneýhden hem geçdi.

Bazarlarda tüwi ýetmezçiliginiň hem başlandygy öňe sürülýär.

 


Etiketkalar: #Müsür , #ykdysady , #çökmek , #Giza , #Kair

Degişli Habarlar