Zeýbekji: "walýuta kurslary bilen ýakyndan gyzyklanýarys"

Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji walýuta kurslary bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny aýtdy we “Ýetilen sepgit daşary söwda deňagramlygy taýdan bizin üçin kanagatlandyryjy” diýdi.

84423
Zeýbekji: "walýuta kurslary bilen ýakyndan gyzyklanýarys"

Nihat Zeýbeýji Türkiýäniň Potratçylar Bileleşiginin “Pudaklaýyn seljeriş maslahatynda sözlän zözünde Gümrük bileleşigi şertnamasynyň esasy taraplaryndan birine ünsi çekdi.
Ministr Zeýbekji “ABŞ bilen ÝB Transatlantiki söwda we maýa goýum şertnamasyna gol çekişende biz hem şonuň çäginde orun almaly. Türkiýe şol şertnamanyň çäginde bolmasa biziň ÝB bilen Gümrük bileleşigi şertnamasyny dowam etdirmegimiz mümkin bolmaz. Çünki ABŞ, ÝB bilen gol çekişen şertnamasy bilen Türkiýe hem ÝB-niň eýe bolan haklarynyň ählisine eýe bolar” diýdi.
Ykdysadyýet ministri Zeýbekji walýuta kurslarynyň çäkleri barasynda bolsa “Walýuta kurslary bilen ýakyndan gyzyklanýarys, gözegçilik edýäris. Ýetilen sepgitde daşary söwda deňagramlygy taýdan biziň üçin kanagatlandyryjy” diýdi.
2015-nji ýylyň görkezijileri boýunça Türkiýäniň aladasynyň ýokdugyny gürrüň beren Zeýbekji, geljek ýyl ýurduň 2023-nji ýyla çenli döwür üçin goýlan maksatlara ýetmek üçin möhüm başlangyçlaryň ediljekdigini nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar