Türkiýede Ertir Ýerli Saýlawlar Geçirler

Saýlawda bellige alynan 61 million 441 müňden gowrak saýlawçy ses berer.

2122342
Türkiýede Ertir Ýerli Saýlawlar Geçirler

Türk halky ertir ýerli dolanşyklaryň ýolbaşçylaryny saýlamak üçin ses berer.

Saýlawda bellige alynan 61 million 441 müňden gowrak saýlawçy ses berer.

Saýlawda 34 syýasy partiýanyň dalaşgärleri bilen birlikde garaşsyz dalaşgärler bäsleşer.

Saýlawçylar 206 müň saýlaw merkezinde ses berer.

Saýlawçylar 30 uly şäheriň häkimini, 51 welaýat häkimini, 973 etrap häkimini, 390 etrapçanyň häkimi bilen 50 müň 336 arçyny saýlamak üçin ses berer.

Saýlawçylar şeýle hem umumy welaýat mejlisleriniň hem-de häkimlikleriň mejlisleriniň agzalaryny saýlamak üçin ses berer.

Ýokary saýlaw geňeşi möwsüme we günüň batyşyna görä, ýurduň gündogarynda ýerleşýän 32 welaýatda saýlawlaryň bir sagat ir başlamagy barada karar kabul etdi

Şol çäkde 32 welaýatda saýlaw Türkiýe wagty bilen 07.00-da başlar we 16.00-da tamalanar.

Beýleki welaýatlarda bolsa saýlaw ir sagat 08.00-da başlar we sagat 17.00-a çenli dowam eder.

 



Degişli Habarlar