Türkiýe Ysraýyla Reaksiýa Bildirdi

“Ysraýylyň radikal hökümetiniň genosid syýasaty” hem palestinalylar hem-de ysraýyllylar üçin howpa öwrüldi

2138668
Türkiýe Ysraýyla Reaksiýa Bildirdi

Türkiýe “Ysraýylyň radikal hökümetiniň genosid syýasatynyň” hem palestinalylar hem-de ysraýyllylar üçin howpa öwrülendigini beýan etdi.

Daşary işler ministrligi Ysraýylyň Daşary işler ministri Ýisrael Katsyň sosial media habarnamasy hakynda ýazmaça beýannama berdi.

Beýannamada; “Prezident R.T.Erdogan Ysraýylyň palestinalara garşy eden bagyşlanmasyz jenaýatlary batyrgaýlyk bilen ýazgarýar. Türkiýe Ysraýylyň eden gyrgynçylygyny togtatmak üçin irginsiz tagalla edýär, Ysraýylyň halkara jemgyýetçiligi tarapdan gyrakladylmagy hakynda egilşiksiz başlangyçlar edýar.

Käbir ysraýylly syýasatçylaryň Türkiýäni we Erdogany esassyz aýyplamalar bilen gödek nyşana almagynyň hakyky sebäbi şundan ybarat. Ysraýylyň radikal hökümetiniň gyrgynçylyk syýasaty indi hem palestinalylar hem-de ysraýyllylar üçin howpa öwrüldi” diýilýar.

Beýannamada, Türkiýäniň Ysraýylyň palestinalylara garşy alyp barýan rasist we adalatsyz syýasatlary gün-tertbine getirmäge dowam etjekdigi nygtalyp, plestinalylara öz ýurtlarynda öz döwletlerine eýe bolýança Türkiýäniň bu hakly gowgany gorajakdygy mälim edildi.



Degişli Habarlar