MHG Yrakda möhüm operasiýa geçirdi
Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugy ekstremist terror guramasy PKK-nyň geňeş ýolbaşçylaryndan Şewger Çiýa adyny ulanýan Sedat Aksuny Yrakda täsirsiz ýagdaýa getirdi
Milli Howpsuzlyk gullugy Sedat Aksunyň 2016-njy ýylda Siriýanyň demiragzygynda Türk howpsuzlyk güýçlerine garşy amala aşyrylan hüjümleriň buýrugyny beren adamdygyny anyklady.
Sedat Aksunyň Yragyň Gara sebitinde PKK-nyň umumy ok-därisinden jogapkär ýolbaşçy hökmünde iş alyp barýandygy anyklandy.
Milli Howpsuzlyk gullugynyň işgärleri Sedat Aksunyň terror guramanyň ýolbaşçylaryndan alýan buýruklarynyň esasynda Penje-Gulp operasiýasy sebitinde hüjümler guraýan guramanyň agzalaryny ýarag we ok-däri bilen üpjün edýändigi anyklandy.
Şol delilleriň esasynda Milli Howpsuzlyk gullugy terrorçy Sedat Aksuny ýanyndaky terrorçylar bilen birlikde Gara sebitinde geçiren operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirdi.
Degişli Habarlar
Türkiyäniň Baş ştabynyň başlygy BAE-li kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi
Kärdeşler dabaradan soň metbugata ýapyk häsýetde ikiçäk we toparara duşuşyklar geçirdi