Mugla welaýatynda 33 bosgun halas edildi

Mugla welaýatynyň Bodrum etrabynyň suw giňişliginde 33 bikanun bosgun halas edildi we 67 bosgun bolsa saklandy

2117292
Mugla welaýatynda 33 bosgun halas edildi

Türkiyäniň Kenarýaka howpsuzlyk serkerdeliginiň internet saýtynda berilen habara görä, Bodrum welaýatynyň suw giňişliginde bosgunlaryň bardygy barada alynan maglumatyň esasynda bosgunlaryň bolan ýerine topar gönükdirildi. 

Toparlar Gresiýa tarapyndan Türkiyäniň suw giňişligine itilen 12-si çaga 33 bosguny halas etdiler. 

Etrabyň suw giňişliginde tapawutly wagtlarda Kenarýaka howpsuzlyk gullugyna degişli toparlar tarapyndan anyklanan 3 aýry çiýşirilen gaýyk saklanyp, 13-si çaga 67 bosgun bilen 2 bosgun kontrabandaçysy tussag edildi. 

Şübhe astyndaky adamlar göz tussaglygyna alyndy, bosgunlar deslapky işlerden soň welaýat Migrasiýa müdürligine gowşuryldy. 


Etiketkalar: #bosgun , #Bodrum , #Mugla

Degişli Habarlar