Hakan Fidan Rus Kärdeşi Bilen Duşuşdy

Duşuşykda, Ankara bilen Moskwanyň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen sebitara we halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

2109813
Hakan Fidan Rus Kärdeşi Bilen Duşuşdy

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Antalýada duşuşdy.

Daşary işler ministrliginiň sosial mediadan beren habarnamasyna görä, ministr Fidan, 3-nji Antalýa Diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin şähere gelen rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen duşuşdy.

Duşuşykda, Ankara bilen Moskwanyň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen sebitara we halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Fidan bilen Lawrow şeýle hem Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleriniň bes edilmegi we Russiýa-Ukraina söweşi hakynda pikir alyşdy.

 



Degişli Habarlar