Prezident Erdogan Katarda Saparda Bolýar

Prezident Erdogan bilen Kataryň Emiri Al Sani özara duşuşyk geçirdi.

2072489
Prezident Erdogan Katarda Saparda Bolýar

Prezident R. T. Erdogan, Kataryň Emiri Şyh Temim bin Hamed Al Saniniň myhmany hökmünde Türkiýe-Katar Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk komitetiniň 9-njy maslahatyna gatnaşmak üçin düýn Doha gidipdi.

Resmi garşylama dabarasyndan soň Prezident Erdogan bilen Kataryň Emiri Al Sani özara duşuşyk geçirdi.

Iki lider duşuşykda Ysraýylyň Gazada edýän gyrgynçylygy, Gaza ynsanperwer kömeginiň berilmegi we hüjümleriň bes edilmegi barada pikir alyşdy.

Prezident Erdogan bilen Kataryň Emiri Al Saniniň ýolbaşçylygynda geçirlen Türkiýe-Katar Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk komitetiniň 9-njy maslahatynyň çäginde iki ýurduň arasynda 12 şertnama baglaşyldy.

Prezident Erdogan şu gün hem Kataryň Emiri Al Saniniň döwürleýin ýolbaşçylygynda geçiriljek Pars aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň 44-nji maslahatyna gatnaşar.



Degişli Habarlar