Türkiýe ÝUNESKO-nuň Dünýä Mirasy Komitetiniň Agzalygyna Saýlandy

Bu barasynda Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý habar berdi.

2067732
Türkiýe ÝUNESKO-nuň Dünýä Mirasy Komitetiniň Agzalygyna Saýlandy

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý sosial media hasabyndan beren habarnamasynda; “Türkiýe Dünýä Mirasy Komitetiniň agzalygyna saýlandy” diýip ýazdy.

Ersoý; “Türkiýe 4 ýyl dowam etjek agzalyk tapgyrynda Dünýä Mirasy Konwensiýasynyň ýerine ýetiriji organy bolan we ýylda bir gezek maslahat geçirýän Dünýä Mirasy Komitetiniň maslahatlarynda, komitetiň beýleki agzalary bilen bilelikde dünýä mirasynyň sanawyna goşulmaga dalaş edýänler hakynda karar kabul ediş tapgyryna degişlibolar. Ýurdumyz 1983-1989-njy we 2013-2017-nji ýyllaryň aralgyynda-da Komitete agza bolupdy” diýip mälim etdi.



Degişli Habarlar