Çawuşoglu Gün Tertibiniň İleri Tutulýan Ugurlary Hakynda Maglumat Berdi

" Siriýaly bosgunlaryň ýurtlaryna ugradylmagy üçin sebit terrordan saplanmaly we Asad bilen hyzmatdaşlyk edilmeli"

1988967
Çawuşoglu Gün Tertibiniň İleri Tutulýan Ugurlary Hakynda Maglumat Berdi

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, Siriýaly bosgunlaryň ýurtlaryna ugradylmagy üçin sebitiň terrordan saplanmalydygyny we Asad bilen hyzmatdaşlyk etmezden bosgunlaryň yzyna ugradylmagynyň dogry bolmandygyny aýtdy.

Çawuşoglu, hususy telewideniýe kanalynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky soraglara jogap berdi.

Türkiýä, Siriýadaky içerki uruş we Owganystandaky ýagdaý sebäpli bosgunlaryň galandygyny nygtan Çawuşoglu, köp sanly owgany ýurduna ugradandyklaryny belledi.

550 müň siriýaly bosgunyň hem ýurduna ugradylandygyny ýatladan Çawuşoglu, şol sanyň ýeterlik bolmandygyny we has köp bosgunyň ýurduna ugradyljakdygyny belledi.

Daşary işler ministri Çawuşoglu, “Bosgunlar diňe howpsuz zolaklara däl, eýsem Asadyň gözegçiligi astyndaky ýerlere hem ugradylmaly. Ýagny bosgunlar gelen şäherlerine ugradylmaly. Bu meselede Siriýanyň hökümeti bilen gepleşik geçirýäris”diýdi.

Çawuşgoly, “Türkiýä gelen siriýaly bosgunlary dolulygyna yzyna ugradarys diýsek dogry bolmaz. Siriýaly bosgunlar Türkiýe oba hojalyk we senagat ýaly birnäçe pudakda işlemäge dowam edýär” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar